Ekologiýa barlaglary
Ekologiýa işleriniň hasaplamalary
Ekologiýa resminamalary
Daşky gurşawa täsir etmelere baha bermek (DGTEBB) - bu ýagdaý ekologiýa howpunyň görnüşini, onuň yzygiderliligini, tebigy gurşawa we adamynyň ýaşaýyş gurşawyna täsirini ýüze çykarmakdyr. DGTEBB-niň doly yzygiderli barlagy diňe bir taslanylýan obýektiň daşky gurşawa täsirini ýüze çykarmak däl, eýsem hojalyk ýöretmegiň saýlama görnüşlerini, ýeriň ekologiýa we baýlyk möçberlerini kegitlemek, şeýle hem, DGTEBB boýunça hasabat düzmekligi öz içine alýar. Kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, ýaramaz täsir etmelerii seljermek boýunça DGTEBB-niň taslamasy gurulýan önümçilik ýa-da gaýtadan işläp taýýarlaýan her bir obýekt üçin işlenip düzülýär we hökmany ýagdaýda seljeriş geçirilmelidir: Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň ýerli ekologiýa seljeriş toparynda we Ekologiýa boýunça döwlet komitetinde ylalaşyk geçirilmelidir.
DGTEBB-niň taslamasyny işläp düzmek we obýektiň ekologiýa seljermesi hojayk işiniň ýaramaz ekologiýa netijelerini ýüze çykarmaga, şeýle hem tebigaty peýdalanyjylaryň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda tebigaty gorayyş çärelerini işläp düzmek we geçirmek maksatlaryna gönükdirilendir.
DGTEBB-ne degişli düzgün bozulmalar ýüze çykaryln ýagdaýynda, ýuridiki şahslar, düzgün bozulmanyň görnüşine baglylykda zähmete hak tölemegiň iň az möçberiniň 400-den 500-e çenli jerime salynmagyny göz öňünde tutýan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksine laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
Daşky gurşawa täsir etmelere baha bermek
DGTEBB-niň amala aşyrylmagy şular üçin ýerine ýetirilýär:
· Geljekdi hojalyk işiniň daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna edip biljek täsiriniň häsiýetini we howplulyk derejesini kesgitlemek;
· Iş ugurlarynyň adam we tebigat üçin ýaramaz täsir etmeleriniň derejesini peseltmek we öňüni almak;
· Howply täsir etmeleriň ekologiýa, durmuş we ykdysady netijelerine baha bermek.
DGTEBB üç tapgyrda işlenip düzülýär.
DGTEBB-niň taslamasyny işläp düzmegiň tapgyrlary
DGTEBB-ni işläp düzmek boýunça hereketler
1-nji tapgyr
Taslamak üçin tehiniki tabşyrygy düzmek, ilkibaşlangyç maglumatlary toplamak we seljermek. Tehniki tabşyryk hökmany ýagdaýda döwlet ekologiýa seljeriş edaralarynda ylalaşylmalydyr.
2-nji tapgyr
Gurluşygyň çäkleriniň ekologiýa taýdan hapalanmagynyň çeşmelerini görkezilmegi, ýüze çykarylan we çak edilýän täsir etmelere baha berilmegi we daşky gurşawa ýaramaz täsir etmeleri azaltmak boýunça hödürnamalaryň işlenip taýýarlanylmagy bilen taslamany işläp düzmek.
3-nji tapgyr
Taslama resminamalaryny öwrenmek we taslamalary döwlet gözegçilik edaralarynda ekologiýa seljermesini geçirmek.
DGTEB-niň seljermesini ylalaşmak
Ekologiýa seljermesi –taslamalary durmuşa geçirmek boýunça karar kabul etmek üçin döwlet gözegçilik edaralarynyň seljeriş işilerniň bir görnüşi bolup durýar. DGTEBB-nyň ekologiýa seljermesi taslamanyň geljekde işine, onuň daşky gurşawa we ilata edýän täsirine baha bermäge, bu taslamanyň ekologiýa, durmuş we ykdysady şertlerini seljermäge esaslanýar.
“Keýik Mirasy” kompaniýasy DGTEBB-ny işläp düzmegi ýerine ýetirýär, hojalyk obýektiniň çäklerinde ähli ekologoýa, ykdysady, durmuş ölçeglerine toplumlaýyn baha bermegi we taslamanyň seljerişde ylalaşygyny amala aşyrýar.
Biziň hünärmenlerimiz taslamanyň daşky gurşawa täsirini öwrenmek maksady bilen, ýerleriň yzygiderli barlagyny geçirýärler, ähli inženerçilik-ekologiýa we geologiýa gözleglerini amala aşyrýarlar, şeýle hem tabigaty garamak bilen baglanşykly çäreleriň bahasynyň hasaplamalaryny geçirýärler.
Ekologiýa tölegleri - bu ähli görnüşli kärhanalaryň hojalyk we önümçilik işleri netijesinde daşky gurşawa ýaramaz täsir etmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen öwezini dolma hökmünde hyzmat edýän töleg bolup durýar.
Bu ekotölegler tebigy gurşawa zyýan ýtirýän ähli kärhanalar, edaralar we guramalar (ýuridiki we fiziki şahslar) üçin hökmany bolup durýar we jedelsiz tertipde geçirilýär.
Ekologiýa töleglerini kim tölemeli?
Ekologiýa töleglerini şu kärhanalar amala aşyrmaly:
· hapalaýjy maddalaryň atmosfera zyňylmagyny amala aşyrýan (göçme we stationar çeşmelerden);
· işiň dowamynda galyndylaryň ýerasty we ýerüsti suw çeşmelerine zyňylmagyny amala aşyrýan;
· zyýanly we howply galyndylary ýerleşdirýän we saklaýan.
Daşky gurşawyň hapalanmagy üçin tölegleriň möçberleriniň çägi Hökümetiň kararlary esasynda tassyklanan we howp derejesiniň hasaba alynmagy blen, howply galyndylaryň düzüm bölekleriniň ähli görnüşleri boýunça iki görnüşe bölünýärler*
Ekologiýa töleglerini hasaplamak
Ekologiýa tölegleri hökmany häsiýete eýe bolýar we salgyt töleglerine degişlidirler. Iş ugrunyň görnüşine garamazdan (önümçilik, söwda, hyzmatlar we ş.m.) daşky gurşawa zyýan ýetirýän islendik kärhana öz-özünden ekologiýa ýygymlaryny töleýjileriň hataryna geçýär.
Ekologiýa töleglerini hasaplamak ýerleşdirilen we saklanylýan galyndylaryň, atmosfera zyňylan hapalaýjy zyňyndylaryň möçberiniň, şeýle hem ekologiýa tarifleriniň binýatlyk kadalary esasynda amala aşyrylýar.
Tebigaty goramagyň ýerli edaralary her bir kärhana üçin zyňmagyň aňryçäk ýol berilmeginiň (AÝB-niň) çägini belleýär.
Galyndylaryň zyňylmagynyň aňryçäk ýol berilmeginiň çäkleriniň möçberinden ýokary geçmegi, bellenilen çäklerden daşary zyňyndylar üçin tölegler 5 esse köpelýär. AÝB üçin resmileşdirilen rugsatnama ýok bolan ýagdaýynda, hapalaýjy galyndylaryň we zyňyndylaryň ähli möçberi 5 esse köpelen tölege sezewar edilýär.
“Keýik Mirasy” kompaniýasy ähli görnüşli ekologiýa tölegleriniň hasaplamalaryny we esaslandyrmalaryny ýerine ýetirýär, çärýekleýin tölegleriň iň amatly möçberini hasaplaýar, şeýle hem olaryň tebigaty goramak babatda gözegçilik edaralarynda ylalaşylmagyny amala aşyrýar.
“Keýik Mirasy” kompaniýasy abonent hyzmatlaryny, ýagny kärhanalaryň, şol sanda kiçi kärhanalaryň işini ekologiýa taýdan toplumlaýyn alyp barmagy we ekologiýa boýunça ähli görnüşli resminamalary resmileşdirmegi hödürleýär.
Ekologiýa kanunçylygynyň yzigiderli üýtgemegi, hasabatlaryň görnüşleriniň we olary ibermegiň möhletleriniň hemişe täzeden girizilmegi, esaslandyryjy resminamalary, daşky gurşawy goramak çygrynda rugsatnamalary we ylalaşyklary almagyň düzgünleri we möhletleri babatynda täze talaplar ekologiýa boýunça resminamalary ýöretmek üçin sowatly we anyk çemeleşmani hem-de hakyky bilimleriň bolmagyny talap edýär.
Hojalyk edilýän obýektiň ekologiýa autdoringe geçmegi bu wajyp meseläni çözmegiň göwnejaý çözgüdi bolup durýar.
Ekologiýada autsorung - bu kärhananyň ekologiýa meseleleri boýunça işiniň ýöriteleşdirien ekologiýa kompaniýasy tarapyndan doly alnyp barylmagy, kärhananyň ekologynyň wezipesiniň hünärmen tarapyndan uzaklykdan ýerine ýetirilmegi bolup durýar. Bu kärhanada wezipe birliginiň hemişelik saklanmagyna zerurlygyň ýokdygyny aňladýar, çünki kärhananyň iş ugrunyň we hemişelik üýgtäp durýan kanunçylyk binýadynyň hasaba alynmagy bilen, “Keýik Mirasy” kompaniýasynyň hünärmenleri ähli zerur bolan hereketleri ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tebigaty goramak meseleleri boýunça hereket edýän kanunçylyga laýyklykda ýerine ýetirýärler.
Esasan hem biziň hünärmenlerimiz şulary ýerine ýetirýärler:
· hökmany ekologiýa töleglerini hasalamak – çärýekleýin;
· tebigy gurşawy goramak meseleleri boýunça dolandyryş düzümine maslahat bermek;
· tebigaty garamak boýunça hereket edýan kadalaryň berjaý edilmegi babatynda kährananyň çäklerini yzigiderli barlamak;
· ähli görnüşli ekologiýa taslamalary üçin ylalaşyklary, rugsatnamalary almak we olaryň möhlerini uzaltmak: AÝB, GEGOÝÇMT, AHSRBK, AGZ we beýlekiler;
· statistiki hasabatyň 2 TP zurnallaryny ýöretmek;
· zyňyndylara rugsat alynmagy;
· ekologiýa auditiniň geçirilmegi;
· himiki barlagyň teswirnamalaryny ýerine ýetirmek;
· akustiki täsir etmeleri öwrenmek;
· desgadaky tebigaty goraýyş boýunça resminamalaryň ulgamlaşdyrylmagy;
· resminamalaryň sarp edijileriň hukugynyň goralşyna gözegçlik edýän we tebigaty goramak babatda gözegçilik edýän edaralary bilen ylalaşygynyň tehniki taýadan alnyp barylmagy.
Hojalyk işiniň ekologiýa taýdan alnyp barylmagy
Нет экологического сопровождения
Karhana tarapyndan talap edilýän taslamalar we hasaplamalar işlenip düzülen
Zerur bolan taslamalar we hasaplamalar işlenilip düzülmedik ýa-da ýalňyş işlenip düzülen
Taslama döwlet gözegçilik edaralaryna ylalaşylan we galyndylary kesgitlenen möhletde ýerleşdirmegiň aňryçäk ýol berilýän möçberi alnan
Galyndylary ýerleşdirmegiň aňryçäk ýol berilýän möçberini almakda ýüz dönderildi, taslama ylalaşylmadyk
Kärhana ekologiýa töleglerini geçirýär
Karhana ekologiýa tşleglerini tölemeýär
Kärhana tarapyndan öz – özüne düşýän gymmaty hökmünde hasapdan öçürilýär
Karhananyň girdejisiniň hasabyna hasapdan öçürilýär
Jerime salmak üçin esas ýok
Düzgün bozulmanyň görnüşinde görä jerime salynmagy
Resminamalary resmileşdirmek, hereket ediş möhletini uzaltmak üçin ähli hyzmatlar ekologiýa taýadan alyp barmagyň nyrhyna goşulan bolup, tebigaty goramak bilen balanşykly çärelere müşderiler tarapyndan sarp edilýän çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär.
Galyndylar bilen iş salşylanda önümçilik ekologiýa gözegçiligi – bu galyndylar bilen iş salşylmagy çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ähli talaplarynyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek bilen baglanşykly çäreleriň toplumy bolup dyrýar.
Önümçiligiň we sarp edilmegiň galyndylary bilen iş salşylanda önümçilik ekologiýa gözegçiligi şu resminamalr bilen düzgünleşdirilýär:
· “Ilatyň sanitar-epidemioligiýa abadançylygy hakynda ”Türkmenistanyň Kanuny;
· “Önümçiligiň we sarp edilmegiň galyndylary” hakynda Türkmenistanyň Kanuny;
· “Daşky gurşawy goramak” hakynda Türkmenistanyň Kanuny.
Önümçilik ekologiýa gözegçiliginiň maksady – hojalyk we başga görnüşli işlerde tebigaty goramak we tebigy baýlyklardan oýlanşykly peýdalanmak boýunça çäreleriň ýerine ýetirlmegini üpjün etmek bolup durýar.
Galyndylar bilen iş salşylanda önümçilik ekologiýa gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi (mundan beýläk Tertip), “Önümçiligiň we sarp edilimegiň galyndylary” hakynda Kanuna laýyklykda, galyndylar bilen iş salşylmagy çygrynda öz işini alyp barýan ýuridiki şahslar tarapyndan guralýar. Ýuridiki şahslar galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary bilen ylalaşmak boýunça Tertibi amala aşyrýarlar. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda önümçilik gözegçiligi şulary öz içine alýar:
· galyndylar bilen iş salyşmagyň tertibini we düzgünlerini barlamak;
· howply zyňyndylaryň Pasportlaryny düzmek we tassyklamak;
· emele gelýän galyndylaryň möçberini we howplulyk derejesini azaltmagyň mümkinçiliklerini we usullaryny ýüze çykarmak maksady bilen, bar bolan önümçiligi seljermek;
· emele gelen, ulanylan, zyýansyzlandyrylan, başga şahslara geçirilen, şeýle hem ýerleşdirilen galyndylary hasaba almak;
· galyndylaryň saklanylýan (toplanan) ýerleriniň ýagdaýyny yzygiderli barlamak;
· galyndylar bilen iş salşylanda ýüze çykýan adatdan daşary hadysalaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça talaplaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek;
· önümçiligiň we sapr edilmegiň netijesinde emele gelen galyndylaryň toplanylmagyny düzgünleşdirýän resminamalaryň ýerli tebigaty goramak edaralary bilen ylalaşylan görnüşiniň, önümçiligiň we sapr edilmegiň galyndylarynyň emele gelmegiň kadalarynyň we ýerleşdiriliş çäkleriniň taslamalarynyň, galyndylaryň ýerleşdirmegiň çekleriniň, galyndylary degişli isenziýasy bar bolan kärhanalara tabşyrmak barada şertnamalaryň, galyndylaryň hereketini – emele gelmegini, saklanylmagyny, ýok edilmegini, ýa-da beýleki gaýry edaralara geçirilmegini tassyklaýan resminamalaryň (delilnamalar, žurnallar, hasabatlar, üst hatlar) hakykat ýüzünde bardygyny barlamak;
· ýaramaz tasir etmeler babatynda çeklendirmeleriň berjaý edilmegine (ekoseljeriş gözegçiligi) gözegçilik etmek we ony amala aşyrmagyň meýilnama-tertibi;
· tebigaty goramak maksatly gurnamalaryň we ulgamlaryň işine gözegçilik etmek olary amala aşyrmagyň meýilnama-tertibi;
· az galyndyly tehnologik amallary, galyndylardan peýdalanmagyň we zyýansyzlandyrmagyň tilsimatlaryny, galyndylary ýerleşdirmegiň aňryçäk ýol berilýän möçberine ýetmegini ornaşdyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirlişini barlamak;
· galyndylary ýerleşdirmek üçin niýetlenen obýektleri ulanmagyň netijeliligini we daşky gurşaw hem-de ilatyň saglygy üçin howpsuzlygyny barlamak.
GALYNDYLAR BILEN IŞ SALYŞMAK ÇYGRYNDA ÖNÜMÇILIK GÖZEGÇILIGINI AMALA AŞYRMAGYŇ TERTIBI HAKYNDAKY WAGTLAÝYN DÜZGÜNNAMA RESMINAMALARYŇ SANAWY
I. Ýüz tutujy tarapyndan işlenip düzülen, daşky gurşawy goramak ulgamyny düzgünleşdirýän resminamalar.
1. Ýüz tutujynyň ekologiýa gullugy hakynda Düzgünnama.
2. önümçiligiň we sarp edilmegiň galyndylary bilen iş salyşmak çygrynda önümçilik gözegçiliginiň amala aşyrylmagy üçin jogapkär şahslar barada maglumatlar;
3. düzüm birlikleri ýa-da barlaghanalar hakynda Düzgünnamalar, önümçilik gözegçiligini amala aşyrmaga gatnaşýan jogapkär şahslaryň wezipe gözçkdirijileri.
4. işlenip düzülen we tassyklanan birkysmy görnüşler, şol sanda nusgalyk almagyň delilnamalarynyň we ölçegleriň netijeleriniň teswirnamalarynyň görnüşleri, akkreditasiýa ulgamynyň talaplary, şeýle hem žurnallaryň görnüşleri.
5. Ýüz tutujynyň kärhanada gözegçiligi amala aşyrmagyň usullaryny anyklaşdyrýan beýleki resminamalary.
II. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda önümçilik gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibiniň kesgitlenilmegini esaslandyrýan maglumatlar.
1. Galyndylaryň emele gelmegi bilen baglanşykly tehnologiki ýagdaýlaryň we enjamlaryň ýazmaça beýany.
2. Önümçiligiň we sarp edilimegiň galyndylary bilen iş salyşmak çygrynda ýuridiki şahs tarapyndan amala aşyrlýan işleriň görnüşleriniň ýazmaça beýany.
3. Gayndylary daşlaşdyrmak ulgamynyň ýazmaça beýany.
4. Ýüz tutujynyň garamagynda bolan galyndylary ulagly daşamak, zyýansyzlandyrmak we ýok etmek ulgamynyň ýazmaça beýany.
5. Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda önümçilik gözegçiliginiň obýektleriniň sanawy.
6. Galyndylar bilen iş salyşmak bilen baglanyşykly tehnologiki ýagdaýlaryň we enjamlaryň daşky gurşawyň obýektlerine ýaramaz tasir etmeginiň görnüşlerine we möçberine haba bermek.
7. Galyndylar bilen iş salyşmak bilen baglaşyşykly obýektleriň ýerleşýän çäkleriniň tebigy-howa we fiziki-geografiki aýratynlyklarynyň ýazmaça beýany.
8. Hususy barlaghanalar üçin metrologiýa synagy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy ýa-da galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektleriniň çäklerinde we olaryň daşky gurşawa ýaramaz täsir edip biljek çaklerinde daşky gurşawyň ýagdaýyna we yzygiderli barlag geçirmek üçin işe çekilen barlaghanalaryň akkreditasiýasy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy.
9. Önümçiligiň we sarp edilimegiň galyndylary bilen iş salyşmak çygrynda hünär taýdan taýýarlamaga we hünär synagyndan geçirmäge degişli bolan Ýüz tutujynyň işgärleriniň sanawy.
10. Howply galyndylar bilen iş salyşmaga goýberilen işgärleriň sanawy hakynda buýruk (görkezme).
11. I–V howplulyk klasly galyndylar bilen işlemäge hukuk berýän şahadatnamalaryň (sertifikatlaryň) göçürme nusgasy.
12. Önümçilik gözegçiligini amala aşyrýan ýa-da gözegçilik boýunça çärelere işe çekilýän şahslaryň degişli hünär taýýarlygyny tassyklaýan maglumatlar;
13. Rugsat beriji resminamalar:
a. galyndylary toplamak, peýdalanmak, zyýansyzlandyrmak, ulag bilen daşamak, ýerleşdirmek işini amala aşyrmagyň lisenziýasy;
b. galyndylaryň emele gelmegi hakynda taslamanyň hakykatda bardygy barada maglumat, baş sahypasynyň we taslamadan göçürmeleri bilen;
c. galyndylaryň emele gelmeginiň kadalaryny we olary ýerleşdirmegiň aňryçäk ýol berilýän möçberlerini tassyklamak hakynda resminamalar.
14. I–IV howplulyk klasly galyndylaryň pasporty.
15. Galyndylaryň toparyny tassyklaýan şahadatnamalaryň göçürme nusgalary.
16. 2 TP (galyndylar) görnüşi boýunça geçen ýylky hasabat.
17. Galyndylary kabul edýän guramalaryň sanawy, olarda galyndylary toplamak, peýdalanmak, zyýansyzlandyrmak, ulag bilen daşamak, ýerleşdirmek işini amala aşyrmak üçin lisenziýasynyň hakykatda bardygy, lisenzýalaryny goşmak bilen şertnamalaryň göçürme nusgalary;
18. Galyndylary zyýansyzlandyrmak, gaýtadan işlemek, ýok etmek boýunça gurnamalaryň hakykatda bardygy barada maglumat (kepilnama).
19. Önümçilik gözegçiliginiň çäreleri (Goşundy 3).
20. Galyndylaryň saklanylýan (toplanylýan) ýerlerinde we (ýa-da) gömülýän obýektlerinde daşky gurşawyň ýagdaýyny yzygiderli barlamak boýunça maksatnamanyň hakykatda bardygy barada maglumat. Yzygiderli barlagyň netijeleri barada geçen ýylky maglumat.
21. I-V howplulyk klasly galyndylarynyň uzak wagtlaýyn ýerleşdirilýän we gömülýän obýektleriniň taslama resminamalaryna berlen Döwlet ekologiýa seljermesiniň netijenamasy.
22. Döwlet ekologiýa gözegçiligi edaralary tarapyndan öňki geçirlen barlaglaryň netijeleri we tebigaty goramak boýunça kanunçylygyň talaplarynyň bozulmagyny aradan aýyrmak hakynda berlen teklipnamalar barada maglumatlar.
Şu goşunda laýyklykda berlen resminamalaryň göçürme nusgalary Ýüz tutujy tarapyndan ykrar edilen bolmalydyr.
Hojalygy dolandyrmagyň her bir obýekti rugsatnamalary, lisenziýalary almak üçin, şeýle hem 2-TP görnüşli hasabat düzülende, kärhananyň işlän ýagdaýynda hapalanmaga sezewar edilýän ýa-da hut özi hapalanmagyň çeşmesi bolup durýan daşky gurşawyň ýagdaýyny öwrenmelidir. Şeýle hem önümçiligiň ekologiýa gözegçiligini amala aşyrmak, galyndylaryň we zyňyndylaryň aňryçäk ýol berilýän möçberleriniň kadalaryny işläp düzmek we ylalaşmak (ýa-da uzaltmak), we Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki birnäçe ýagdaýlarda barlaghana barlaglary zerur bolup durýar.
Himiki seljermäni diňe akkreditirlenen barlaghanalar we hünärmenler tarapyndan geçirilmegine ýol berilýär. Hususan-da, daşky gurşaw üçin galyndylaryň howplulyk toparyny kesgitlemek üçin ýöriteleşdirilen resminamalar işlenilip düzülýär we himiki seljermäniň teswirnamalary resmileşdirilýär.
Galyndylaryň kesgitlenen howplulyk klasyna goşulmagy üçin hasaplama we synag usullary ulanylýar. Howplulygyň 5-nji klasy bellenilende hasaplamalaryň synag usuly bilen tassyklanylmagy zerurdyr. Gaýry ýagdaýlarda galyndylar öz-özünden 4-nji klasa goşulýar. Ähli synag maglumatlary himiki seljermäniň teswirnamasyna ýazgy edilýär.
Kärhana tarapyndan geçirilýän ekotölegleriň möçberi, ZARBK-nyň tassyklanan aňlatmalary, iş ugrunyň galyndylarynyň howplulyk klasyny kegsitlemek barlaglaryň takyk geçirilmegi we sowatly okalmagyna bagly bolyp durýar. Daşky gurşawy guramak boýunça kadalaryň ýokdugy ýa-da bozulmagy üçin jerime salynýar.
“Keýik Mirasy” kompaniýasy ahli görnüşli himiki seljermeleri geçirmek üçin akkreditirlenen, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanasyna we ýokary hünär derejeli himikleriň we ekologlaryň düzüm birliklerine eýe bolup durýar.
Galyndylaryň klasyny bellemek üçin himiki seljermeleriň teswirnamalaryndan daşary, biziň hünärmenlerimiz şeýle-de şu barlaghana barlaglaryny ýerine ýetirýärler:
· topragyň seljermesi - himiki, radioligiki, mikrobioligiki, parazitleýin;
· howanyň seljermesi: iş zolagyny (88 görkezijiler boýunça), atmosfera gaz görnüşli zyňyndylary – 109 görkezijiler boýunça;
· suwuň seljermesi – ýerüsti, ýerasty we akýan suwlaryň;
· galyndylaryň seljermesi – palçyklar, işlenip geçilen, galwaniki suwuklyklar we beýlekiler – 40 görkezijiler boýunça, şeýle hem zäherliligi babatynda;
Biziň kompaniýamyzyň ekologiýa taslamalaryny işläp taýýarlamalary barada degişli saýtyň bölümlerinde bilip bilersiňiz.
· Howplulyk klasyny hasaplamak üçin esasalar;
· Howplulyk toparyny hasaplamak üçin esasy düzgünler;
· Akustiki hasaplamalary geçirmek;
· Müşderilere abonentlik hyzmat etmek;
ZAÇÝBK-nyň (zyňmagyň aňryçäk ýol berilýän kadalary) taslamalary.
Daşky gurşawa ýaramaz tasiriniň derejesi boýunça ähli galyndylar klaslara bölünýär. Eger-de çylşyrymly kanunçylyk kesgitlemelerinden saýlama geçirilse, gysgaça şeýle diýmek bolar: önümçiligiň ähli galyndylary zyýanlylygy boýunça 4 klassa bölünýärler (5-nji klass zyýansyz galynylar üçin şertli bolup durýar).
Galyndylaryň howplulyk klasyna degişliligi şu jetwelde görkeilen:
Howplulyk derejesi
Galyndynyň klasy
Aşa howply galyndylar
1-nji klass
Ýokary howply galyndylar
2-nji klass
Ortaça howply galyndylar
3-nji klass
Az howply galyndylar
4-nji klass
Howply dal diýen ýaly galyndylar
5-nji klass (şertli)
Zäherli maddalaryň howplulyk klasy haýsy usullar arkaly kesgitlenilýär
Bu maksatlar üçin kanunçylykda kesgitlenen iki usul ulanylýar.
· Hasaplama usuly. Bu usul galyndylar takyk kesgitlenen we olaryň düzüm gurluşy belli bolan ýagdaýlarynda ulanylýar. Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň klassifikator sanawyndaky degişli maglumatlary tapmak we galyndylaryň howplulyk klasyny öz-özünden kesgitlemek ýeterlikli bolar.
· Synag usuly. Düzümi näbelli bolan galyndylara degişli ýagdaýlarda ulanylýar. Diňe degişli döwlet akkreditasiýsy bolan ýöriteleşdirilen barlaghanalarda geçirilip bilner.
Köp ýagdaýlarda synag usuly ulanylýar:
· eger-de tassyklamak üçin başga ýoly bolmasa, 5-nji howplulyk klasly galyndylary kesgitlemek üçin;
· galyndylaryň klasy ilkibaşlangyç kesgitlenende;
· zyňyndylaryň we galyndylaryň san we hil düzümi başga ýollar bilen kegitlenip bilinmese;
· eger-de galyndylary öndüriji ýa-da gözegçilik edýän edara hasaplama usulynyň takyklygyna şubhelenip, olaryň klaslylygyny has takyky anyklamaga gyzyklanma bildirse.
Galyndylaryň klaslylygyny hasaplamagyň algoritm kesgitlemesi
Kanunçylyk tarapyndan tassyklanan gözükdirijilere laýyklykda, zäherli maddalaryň howplulyk klasy hökmany birnaçe tapgyrlaryň ýerine ýetirilmegi arkaly kesgitlenilýär:
1) galyndylary öndüriji tarapyndan berlen resminamalaryň hünärmenlik seljermesi;
2) hökmany maglumatlaryň takyk anyklanylmagy üçin barlaghana seljermesi:
· galyndylaryň komponentleri boýunça düzümi;
· san görkezijisi boýunça;
· şeýle hem, özüniň sarp edijilik häsietlerini ýitiren ýa-da önümçilikden aýrylan harytlar we önümler boýunça galyndylary anyklamaga mümkinçilik berýän maglumatlaryň çeşmeleri babatynda ýörite barlaglar;
3) kanunçylyk binýadyna, esasan hem “Daş-tewerekdäki tebigy gurşaw üçin howply galyndylary howplulyk klasyna degişli etmegiň Ölçeglerinde” kesgitlenen bentlere laýyklykda galyndylaryň klasynyň hasabyny ýerine ýetirmek;
4) zerur bolan ýagdaýynda – howplulygyň klasyny kesgitlemek üçin akkreditirlenen barlaghanalaryň işe çekilmegi;
5) hasabatlary düzmek we ýüz tutuja bermek;
“Keýik Mirasy” kompaniýasynyň hünärmenleri iň gysga wagtda we barabar kesgitlenen baha boýunça Siziň önümçiligiňiziň galyndylarynyň klaslylygynyň hasabyny ýerine ýetirerler we ähli gerekli resminamalary resmişedirerler.
Obýekt tarapyndan zenzeläniň döremegi netijesinde daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän önümçilik ýa-da başga bir işiň geçirilen ýagdaýynda akustiki täsir etmeleri öwrenmek zerurdyr. Akustiki öwrenmeler abzallar, enjamlar, tehnika, mejbury howalandyrma, awtoulag serişdeleri we ş.m., bilen işleýän kärhanalarda hökmany geçirilmelidir. Zenzeläniň derejesiniň hasaplamalary ýaramaz täsiriniň ýol berilen derejesini kadalaşdyrmak we tebigy gurşawa hem-de ilatyň saglygyna edýän täsirine gözegçelik etmek maksady bilen geçirilýär.
Zenzeläniň derejesiniň ölçegleri we akustiki hasaplamalar akustikasynda mesele bolan jaýlarda ýa-da zenzeläniň derejesine we hiline ýörite talaplar bolan ýerlerde geçirilýär. Zenzeläniň sowatly ýerine ýetirilen hasaplamalary – bu oňat akustikanyň we adamynyň islendik jaýlarda rahat bolmagynyň girewidir.
Akustiki täsir etmeleriň hasaplamalary şu bentlerden ybarat bolup durýar:
ses basyşynyň rugsat berilen derejesini öwrenmek we hasap nokatlaryny kesgitlemek
ses basyşynyň derejesini rugsat berilen alamatlara çenli peseltmek mümkinçiliklerini hasaplamak
zenzeläniň bar bolan çeşmelerini ýüze çykarmak we olaryň akustiki hasiýetlerini kesgitlemek
akustiki taýdan goramak we zenzeläniň derejesini peseltmek boýunça çäreleri we hödürnamalary işläp taýýarlamak
Akustiki hasaplama zenzeläniň agramyny peseltmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat edýär, esasan hem:
· ýörite ses ýuwudýan we ses gabaýan gurnamalary dikmek;
· açyk ýerlerde dykyzlandyryjylary ulanmak;
· atationar bolmadyk ses ýuwudyjy ekranlary ulanmak;
· ýaşaýyş jaýlaryny GK-nyň II-12-77 boýunça taslamak we gurmak;
· sowadyjy, howalandyryjy we beýleki ulgamlarda gowy hilli ses basyjylary ulanmak;
“Keýik Mirasy” kompaniýasy islendik çylşyrymly ses basyşynyň gurallaýyn ölçeglerini, AGZ, DGGBÇS, DGÝTEBB taslamalary üçin akustiki hasaplamalaryny we sarp edijileriň hukugynyň goralşyna we tebigaty goraýyşa gözegçilik edýän edaralary üçin beýleki hasaplamalary ýerine ýetirýär.
Biziň kompaniýamyz tarapyndan geçirilýän zenzeläniň seljermesi we beýleki taslamalary barada saýtyň degişli bölümlerinde has giňişleýin tanyşyp bilersiňiz:
· Zenzeläniň hasaplamasyny geçirmek üçin kadalaşdyryjy resminamalar we esaslar.
· Zenzeläniň hasaplamasyny geçirmegiň esasy düzgünleri.
· GEGKOÇÝT - Galyndylaryň emele gelmeginiň kadalary we olary çäkli ýerleşdirmek hakynda Taslama.
· Suwdan peýdalanyjylaryň suw obýektlerine zyýanly mikroorganizmleriň we maddalaryň RBGK taslamasy (rugsat berilen galyndylaryň kadalary).
Arassaçylyk-gorag zolagynyň (AGZ) ölçegini esaslandyrma taslamasy.
Önümçilik işini alyp barýan kärhananyň ýa-da guramanyň her biri diýen ýaly, aglaba köpüsi daşky gurşaw we adam üçin dürli derejede howply bolan ol ýa-da beýleki görnüşli galyndylary öndürýärler. Bu howplary aradan aýyrmak ýa-da mümkin boldugyça zyýansyzlandyrmak maksady bilen, her bir kärhana üçin galyndylaryň pasportlaryny işlenip düzülmegi we olaryň ygtyýarly edaralarda ylalaşylmagy hökmany bolup durýar.
Haýsy önümçilkler üçin galyndylaryň pasportynyň bolmagy hökmanydyr
Galyndynyň her bir görnüşi üçin diýen ýaly pasportynyň işlenip düzülmegi zerurdyr. Mysal üçin, ilki bilen şu görnüşleri bellemek gerek:
Önümçilik galyndylary – himiýa, nebitgaz, magdançylyk, derman, azyk we beýleki senagat pudaklary, şeýle hem birnäçe oba hojalyk pudaklary üçin;
Sarp ediş galyndylary: muňa birnäçe zäherli we howply sarp edilmegiň galyndylary, hususan-da, lýminessent lampalary, polimer we plastik gaplamalary, meýdanlar arassalanmagy netijesinde galan zir-zibiller degişli bolup durýar.
Gurluşygyň we ýykylşygyň galyndylary - adamlar üçin ep-esli derejede howp döredýär we daş-töweregi gaty hapalaýar, şonuň üçin olar aýratyn bölüme bölünýär we diňe bir gurluşyk galyndylarynyň pasportyny işläp düzmek we tassyklamak talap edilmän, eýsem olar bilen iş salyşmagyň we ýok etmegiň tehniki düzgünleri hem talap edilýär.
Howply galyndylaryň pasportyny resmileşdirmek boýunça kanunçylygyň talaplarynyň bozulandygy üçin haýsy jerimeler göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça häzirki wagtda birnäçe örän berk maliýe jerimeleri, aýratyn ýagdaýlarda bolsa, kärhananyň işiniň togtadylmagyna çenli göz öňünde tutulan. Has takyky:
Ýuridiki şahslar üçin jerimeler -;
Fiziki şahslar üçin jerimeler -;
Ýa-da karhananyň işiniň 90 güne çenli möhletde togtadylmagy.
Howply galyndylar üçin pasporty kim düzýär.
Howply galyndylar üçin pasportlar diňe ygtyýarnamalaşdyrylan (sertifisirlenen) hünärmenler tarapyndan işlenip düzülip bilner, aýratynlykda, biziň “Keýik Mirasy” kompaniýamyz Aşgabat şäherinde we tutuş Türkmenistan boýunça şeýle görnüşli işleri ýerine ýetirmek üçin ähli zerur bolan resminamalara eýe bolup durýar. Biziň tarapymyzdan hödürlenilýän galyndylar üçin pasportlar – şeýle teklipleriň arasynda iň pesi bolup durýar. Siz muňa biziň hyzmatlarymyzyň praýs-sahypasynda göz ýetirip bilersiziň.
Galyndylaryň klasy nähili kesgitleniýär.
Galyndylaryň ölçegi we derejesi kanunçylykda beýan edilen. Ähli görnüşleri howplulygy boýunça 4 klasa bölünen we 5-njisi – howply däl galyndylar. 5-nji klass galyndylara pasport gerek bolmaýar.
Klasyny kesgitlemek işiniň özi iki ýol bilen ýerine ýetirilip bilner:
1) hasaplama usuly bilen - galyndylaryň hili we san görkezijisi boýunça komponent düzümi belli bolan (we resmi tassyklanan) ýagdaýynda. Bu ýagdaýda howplulyk klasynyň hasaplamasy nazaryýet taýdan ýerine ýetirilýär we bu hasaplamanyň esasynda pasport resmileşdiriýär.
2) synag usuly galyndylaryň düzümi anyklanylmadyk ýagdaýynda ulanylýar. Bu ýagdaýlarda, galyndylaryň pasportyny işläp taýýarlamak üçin, biziň tarapymyzdan anyk galyndynyň takyk düzümini anyklamak boýunça bu maksatlar üçin akkreditirlenen barlaghanalarda barlaghana seljermesi sargyt edilýär. Netijeleriň esasynda hünärmeniň netijenamasy düzülýär, onuň binýadynda bolsa, galyndylaryň howplylygynyň pasporty işlenip düzülýär.
Galyndylar üçin pasport näçe wagt hakyky bolup durýar
Sanawa goşulan galyndylar üçin hereket ediş möhleti kanunçylyk tarapyndan bellenilmeýär we pasport möhletsiz hakykydyr ýa-da bu galyndynyň Döwlet klassifikasiýa sanawnamasynda hasaba alnan möhletine çenli hakykydyr.
Biz şeýle ýagdaýlarda resmileşdirmek we gaýtdan resmileşdirmek boýunça hyzmatlaryň toplumyny hödürleýäris:
· Galyndyny goşmaça işläp taýýarlamak ýa-da ony başga bir galyndy bilen garyşdyrmak zerurlygy ýüze çykanda;
· Şeýle görnüşli galyndy babatynda täze maglumatlar ýüze çykanda.
Bu ýagdaýlarda galyndy üçin köne pasport ýatyrylýar, onuň ýerine bolsa umumy esasda täze rsminama resmileşdirilýär
“Önümçilik we sapr ediş galyndylary” hakynda Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, tebigatdan peýdalanyjy hökmünde öz işini alyp barýan, ýuridiki ýa-da husudy telekeçi derejesinde çykyş edýän her bir kärhana ýa-da gurama hökmäny tertibde GEGOÝÇMT-ny - ýagny galyndylaryň emele gelmeginiň we olary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberini işläp taýýarlamaga borçludyr. Şeýle hem olary saklamak ýa-da wagtlaýyn ýerleşdirmek üçin resmi rugsatnamany resmileşdirmäge borçludyr. GEGOÝÇMT-ny berjaý etmek üçin talaplar zyýanly galyndylaryň möçberini we düzümini anyklamakda, şeýle hem olary zyýansyzlandyrmagyň, gaýtadan işläp taýýarlamagyň we geljekde ulanmagyň mümkin bolan ähli ýollaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir. Her ýyl galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberini uzaltmak ýa-da täze rugsatnamany almak üçin GEGOÝÇMT-nyň esasynda tehniki hasabatyň düzülmegi hökmanydyr.
GEGOÝÇMT-nyň hökmany tertipde işlenip düzülmegi şulara degişlidir:
· iş ugry dürli galyndylaryň emele gelmegi, gaýtadan işlenilmegi ýa-da saklanylmagy bilen baglanyşykly hereket edýän kärhana;
· zyýanly galyndylary ýa-da zyňyndylary öndürjek bolan gurulýan kärhana;
· ýa-da durky täzelenmek ýagdaýynda bolan şeýle görnüşli kärhana;
GEGOÝÇM-nyň taslamasy we
galyndylary ýerleşdirmegiň
çäklendirilen möçberi bar
Kärhana GEGOÝÇM-nyň taslamasyny
işläp taýýarlamady
Kärhana GEGOÝÇMT-ny işläp
düzdü
Galyndylary ýerleşdirmegiň
çäklendirilen möçberleri üçin 5 ýyllyk
rugsatnama alynmady
Kärhana ekologiýa töleglerini geçirýär
Kärhana ekologiýa töleglerini geçirmeýär
Kärhana tarapyndan öz özüne düşýän gymmatyň hasabyna hasapdan öçürilýär
Kärhananyň girdejileriniň hasabyna hasapdan öçürilýär
Jerime salmak üçin esas ýok
20.000-den 1.000.000 çenli jerime salynmagy. 25 koeffisientli ýokarlanýan tölegleriň geçirilmegi
GEGOÝÇMT-nyň işlenip düzülmegi haçan zerur bolup durýar
GEGOÝÇMT-nyň işlenip düzülmegi şu meseleleri çözmek üçin amala aşyrylýar:
· ýylyň dowamynda galyndylaryň emele gelmeginiň kadalaryny hasaplamak;
· galyndylaryň hakyky möçberini kesgitlemek;
· zyýansyzladyrmak gerek bolan ýa-da ulanylyp bilinjek galyndylaryň möçberini hasaplamak;
· kesgitlenen ýerlerde we bellenilen möhletlerde ýerleşdirmek we saklamak üçin niýetlenen galyndylaryň möçberini esaslandyrmak.
Taslamanyň galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberine degişli bölümleri
“Keýik Mirasy” kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilen galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberiniň taslamasy şu bölümlerden ybaratdyr:
· alyp barýan iş ugry netijesine galyndylar emele gelýän kärhana we onuň derejesi barada maglumatlar;
· galyndylaryň düzümi, hili we möçberi barada maglumatlar;
· bu galyndylaryň ýylyň dowamynda emele gelmeginiň kadalarynyň hasaplamalaryna esaslanan esaslandyrma;
· bu galyndylaryň hereketiniň çyzgytlaýyn tertipnamasy;
· bu galyndylaryň zyýansyzlandyrylmagy/ýa-da ulanylmagy hakynda maglumatlar;
· galyndylaryň üýşmeginiň aňryçäk möçberiniň esaslandyrmasy we olaryň saklanyş (gömüliş) şertleri hakynda maglumatlar;
· galyndylaryň ýaramaz täsir etmek ähtimallygynyň çäklerinde daşky gurşawdaky üýtgemelere syn etmeler (yzigiderli gözegçilik);
· galyndylary azaltmak boýunça hödürnamalr, heläkçilikli hadysalara garşy çäreleriň işlenilip taýýarlanylmagy.
GEGOÝÇMT we galyndylaryň emele gelmeginiň kadalary
GEGOÝÇMT-ny işläp düzmek birnäçe tapgyrda ýerine ýetirilýär:
· Galyndylaryň çeşmeleriniň, saklanýan we ýerleşdirilýän ýerleriniň tükellemesini geçirmek;
· GEGOÝÇMT-ny işläp düzmek üçin resminamalaryň sanawyny düzmek we toplamak;
· Galyndylaryň häsiýetnamalaryny, olaryň hil düzümini we möçberini öwrenmek;
· Ýörite akkreditasiýasy bolan barlaghanalarda howply galynylaryň hil-himiki seljermesini (HHS) geçirmek;
· Bu galyndylaryň howplulyk klasysyny ýüze çykarmak;
· Galyndylaryň emele gelmeginiň ýyllyk kadalaryny kesgitlemek we hasaplamalary we klasyny esaslandyrmak;
· Galyndylaryň daşky gurşawa edýän ýaramaz täsirini öwrenmek;
· Zyýansyalandyrmak, gaýtadan ulanmak we ýok etmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak;
· GEGOÝÇM taslamasyny tebigaty goramak babatda gözegçilik edýän edaralaryň sebitleýin bölümlerinde ylalaşmak, degişli rugsat beriji we tassyklaýjy resminamalary almak, statistiki hasabatlary düzmek;
· Howply galyndylaryň pasportyny taýýarlamak, olary tebigaty goramak babatda gözegçilik edýän edarasynda ylalaşmak, howplulyk klasy baradaky şahadatnamany almak.
GEGOÝÇMT-ny işläp düzüji hökmünde “Keýik Mirasy” kompaniýasy bu çäreleriň ähli toplumyny ýokary hilli, gysga möhletlerde we makul derejede ýerine ýetirýär.
Özüniň işinde zyýanly galyndylary emele getirýän ýa-da zyýanly zyňyndylary öndürýän ýuridiki şahsda GEGOÝÇM-nyň tassyklanan we ylalaşylan taslamasynyň ýok bolmagy, jerime salynmagy göz öňünde tutýan maddalaryň ulanylmagy mümkin bolup durýar.
Biziň kompaniýamyz tarapyndan GEGOÝÇM taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy barada saýtyň degişli bölüminde tanyşyp bilersiziňis:
· GEGOÝÇM-ny işläp düzüji üçin kadalaşdyryjy resminamalar.
· GEGOÝÇM taslamasyny işläp taýýarlamak. Zerur bolan resminamalaryň sanawy.
· GEGOÝÇM taslamasynyň esasy ugurlary.
· GEGOÝÇM taslamasynyň mazmuny we bölümleri.
· GEGOÝÇM taslamasyny ylalaşmak.
“Daşky gurşawy goramak” hakynda Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, zyňmagyň stationar çeşmesine eýe bolup durýan ähli kärhanalar we ýuridiki şahslar ARBK taslamasyny – akýan hapa suwlaryň rugsat berlen kadalaryny işläp taýýarlamaga, şeýle hem zyňylmagyň yzygiderli tükellemesini geçirmäge borçlanýarlar. Şunuň bilen birlikde, AHSRBK ähli zyňyndylar üçin tutuşlygyna ýa-da her bir hapalaýjy bolup durýan madda üçin aýratynlykda bellenilýär. Taslama tehniki gözegçilik edarasynda ylalaşylandan soň “Howply we zyýanly maddalaryň suw obýektlerine zyňylmagyna Rugsatnama” berilýär.
AHSRBK-nyň taslamasynyň işlenip düzülmegi howply zyňyndylary bolan eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalar üçin hökmanydyr. Işlenip düzülen we ylalaşylan taslama tebigaty garamagyň we suw baýlykaryndan peýdalanmak babatda döwlet edaralaryna hökmany teripde iberilýär. Suw kanunçylygynyň talaplary bozulan ýagdaýynda we işlenip düzülen AHSRBK-nyň taslamasynyň ýoklugynda zyýanly maddalaryň zyňylmagy üçin suw obýektlerinden peýdalanylan ýagdaýynda uly möçberde jerime salynmagy, hat-da kähananyň işiniň togtadylmagyna çenli çareleriň görülmegi göz öňünde tutulan.
Akýan hapa suwlaryň rugsat berilen kadalary
Kanunçylyga laýyklykda her bir howply madda üçin aýratyn AHSRBK- akýan hapa suwlaryň rugsat berlen kadalary işlenip düzülen. Bu suwdan peýdalanylýan ýerlerde howply we hapalaýjy maddalaryň rugsat berlen üýşmegini kesgitleýän “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan tassyklanan akýan hapa sularyň rugsat berlen ekologiýa kadalary bolup durýar. Zyňyndylara rugsatnama berlende ähli suwlaryň bu çeşmäniň mümkinçiliklerini assimilirleýän suwdan peýdalanylýan bir obýekte akymy göz öňünde tutulýar. Suwuň hili ýöriteleşdirilen gözegçilik nokatlarynda barlanylýar. AHSRBK üçin rugsatnamada zyňyndylaryň ähli agramy, sebitleýin ösüşin taslamasyny hasaba almak bilen suwdan peýdalanýan bu obýektleriň ählisiniň arasynda bölünýär.
Hapalanmagyna ýa-da beýleki zyýanly hadysalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolan suw obýektleriň suw toplaýjylarynda suwy goramagyň düzgünleriniň bozulmagy, administratiw jogapkarçilige eltýär. Hapalanmagyna, ýapylmagyna we (ýa-da) horlanmagyna sebäp bolmak bilen suw obýektleriniň goragy boýunça talaplaryň bozulmagy, administratiw jogapkarçilige eltýär.
AHSRBK-ny işläp düzmek
AHSRBK taslamasyny hökmany tetipde işenip düzülmegi zerurdyr we bu işi diňe AHSRBK-nyň hasaplamalaryny Döwlet standartlarynyň talaplaryna we kadalaryna laýyklykda ýörite işläp düzüjiler ýerine ýetirip bilýär. AHSRBK-nyň taslamasyna şeýle-de goşulýar: yzyna gaýdyp gelýän suwlary sowmak, ýerüsti we ýerasty suw çeşmelerine ýaramaz täsir edýän ahli görnüşli önümçilik we hojalyk işleri. Ähli bu çäreler döwlet tarapyndan tebigy gorlaryň we daşky gurşawyň goragyny düzgünleşdirmek, suwdan peýdalanylanda hukuk tertibini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
AHSRBK-nyň taslamasy bar
AHSRBK-nyň taslamasy ýok
Kärhana AHSRBK-nyň taslamasyny işläp düzdü
Kärhana AHSRBK-nyň taslamasyny işläp düzdi
Taslama tehniki gözegçilikde ylalaşylan
Hapalaýjy maddalaryň we akýan hapa suwlaryň zyňylmagy üçin rugsatnama alynmadyk
Kärhana ekologiýa töleglerini geçirýär
Kärhana ekologiýa töleglerini geçirmeýär
Karhananyň öz özüne düşýän gymmatynyň hasabyna hasapdan öçürilýär
Karhananyň girdejisiniň hasabyna hasapdan öçürilýär
Jerime salmak üçin esas ýok
Jerime salynmagy we kärhananyň işiniň togtadylmagy
AHSRBK taslamasyny işläp düzmek
AHSRBK-nyň taslamasy, diňe işiň bu görnüşine lisenziýasy bolan ýöriteleşdirilen kompaniýalar tarapyndan işlenip düzülip bilner. “Keýik Mirasy” kopaniýasy - AHSRBK-ny lesensiýaly işläp düzüji bolup, biziň hünärmenlerimiz taslamalary ýerine ýetirmekde we olary bellige alýan we gözegçilik edilýän edaralarda alyp barmakda baý tejribä eýedir.
AHSRBK taslamasyny işläp düzmek
Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça, zyýanly ýa-da atmosferany hapalaýan maddalary öndürýan kärhanalar – ýuridiki şahslar tarapyndan zyňyndylaryň tükellemesiniň geçirilmegi, AHSRBK-nyň taslamasynyň işlenip düzülmegi, olaryň tebigaty goramak babatda döwlet gözegçilik edaralarynda tassyklanylmagy talap edilýär. Bu çäreler ýaşaýyş zolaklarynda we tebigatyň goralýan çäklerinde, şeýle hem arassaçylyk gorag zolaklaryna arassaçylyk kadalarynda rugsat berlen görkezijilere çenli howply we zyýanly maddalaryň üýşmegini azaltmak maksady bilen amala aşyrylýar.
AHSRBK-nyň taslamasy atmosferanyň gözegçiliksiz hapalanmagyndan goramak boýunça täsirli çäre bolup durýar we zyýanly zyňyndylaryň her bir stasionar ýa-da stasionar däl çeşmesi üçin bellenilen bolmalydyr. AHSRBK-nyň taslamasyny işläp düzmek “Atmosfera howasyny goramak hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar. AHSRBK-nyň taslamasyny işläp düzmek üçin hereketleriň bellenilen tertibi bolýar:
· howply zyňyndylaryň ähli bar bolan çeşmeleriniň ilkibaşlangyç tükellemesini geçirmek;
· ýerine ýetiriliş möhletiniň, işleriň bahasynyň, şeýle hem zyňyndylaryň aňryçäk ýol berilýän kadalary boýunça bölümini ylalaşmagyň we zyňyndylara degişli gulluklardan rugsatnama almagyň şertlerimiň görkezilmegi bilen AHSRBK-nyň taslamasyny işläp düzmek hakynda şertnama gol çekmek;
· Zyňyndylaryň möçberiniň hasaby, olaryň ýerüsti zolakda dargamagyny we üýşmegini kesgitlemek, zyýanly zyňyndylaryň çeşmeleriniň hasiýetnamasy, howply maddalaryň we zyňyndylaryň möçberi görkezilen bölümini düzmek. Şeýle hem zyňyndylary azaltmak boýunça hödürnamalar we olaryň ilata we tebigata ýaramaz täsirini peseltmegiň çäreleri ýazgy edilýär.
· Atmosfera zyýanly zyňyndylar işine rugsatnama almak üçin sarp edijileriň hukugynyň goralşyna we tebigaty goramak babatda gözegçilik edýän edaralarynda ylalaşmak boýunça işleri geçirmek.
Kärhanada tassyklanan ZAÝBK-nyň taslamasynyň bolmazlygy ýa-da onuň karhana babatynda teklipnamalary bozulan ýagdaýynda, düzgün bozulmanyň derejesine görä jerime salynýar.
ZAÝBK-ny – zyňyndylara rugsatnamany işläp düzmek
“Keýik Mirasy” kompaniýay ZAÝBK-ny işläp düzüji hökmünde, Ýüz tutujynyň zyňyndylara rugsatnama almagy babatynda ZAÝBK kadalarynyň kesgitlenilmegi boýunça resminamalaryň toplumyny resmileşdirmek üçin ähli hereketleri ýerine ýetirýär. Resminamalaryň toplumyna “atmosfera zyňyndylaryň rugsat berlen möçberiniň kadalarynyň taslamasyny düzmek we mazmuny boýunça Hödürnamalara” laýyklykda, şu bölümler girýär:
· Giriş – tebigatdan peýdalanyjynyň ýerleşýän ýeri barada umumy maglumatlaryň, iş ugrunyň, zyňyndylaryň häsiýetnamasy we olaryň möçberiniň görkezilmegi bilen;
· Umumy maglumatlar – kärhananyň işlemegine we obýektiň üstünde işlenilmegine esas bolup durýan ähli resminamalaryň görkezilmegi bilen;
· Zyýanly zyňyndylaryň çeşmesi hökmünde obýektiň häsiýetnamasy;
· ZAÝBK-nyň kadalarynyň kesgitlenilmegi bilen zyňyndylaryň hasaplamalaryny geçirmek, hasaplamalary esaslandyrmak, şeýle jetwelleri doldurmak;
· Zyňyndylary azaltmak we atady şertlerde we ýaramaz howa şertlerinde olaryň täsirini azaltmak boýunça teklipleri işlap düzmek;
· Bu tebigatdan peýdalanyjy tarapyndan ZAÝBK-nyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça teklipleri işläp düzmek;
· AGZ-nyň ýazgy edilmegi bilen kärhananyň meýilnamasy hökmany goşulýar.
Zyňyndylara rugsatnama bar
Zyňyndylara rugsatnama ýok
Kärhana ZAÝBK-nyň taslamasyny işläp düzmedi
Kärhana ZAÝBK-nyň taslamasyny işläp düzmedi
Taslama gözegçilik edraralarynda ylalaşykdan geçdi
Galyndylary ýerleşdirmek üçin 5 ýyllyk möhletde rugsatnama alynmadyk
Jerime ulanylmaýar
50.000 çenli jerime salynmagy, ýa-da karhananyň işiniň 90 güne çenli togtadylmagy
Galyndylaryň rugsat berilen kadalary
Taslamany işläp düzmegiň we ony degişli edaralar bilen ylalaşmagyň Ýüz tutujy üçin netijesi howply maddalary zyňmaga rugsatnama alynmagy, rugsat berilen zyňyndylaryň hasaplanan kadalary, hökmany ekologiýa tölegleriniň hasaplanmasy bolup durýar. Rugsatnama 5 ýylyň dowamynda hereket edýär.
Köp karhanalaryň, elektrostansiýalaryň, şol sanda AES-nyň, demir ýol we awtoýollarynyň, howa menzilleriniň, ýyladyşhanalaryň, nebit kärhanalarynyň, arassalaýjy gurnamalarynyň, ÝGB-nyň, haýwanlaryň gömülýän ýerleriniň, mazarçylyklaryň, elektrik geçiriji liniýalarynyň (EGL), awtoýuwujy we ş.m., önümçilik işi daşky gurşawa, diýmek, golaýda ýaşaýan adamlaryň hem saglygyna ýaramaz täsir edýär. Şonuň üçin, ýaramaz täsir etmeleri azaltmak maksady bilen kanunçylyk tarapyndan şeýle kärhanalaryň daş-töwereginde arassaçylyk gorag zolagynyň (AGZ) döredilmegi kesgitlenen. AGZ-nyň çäklerinde islendik jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy gadagan edilýär, şeýle hem suw meýdanlaryna, suw kabul ediji skwažinalaryň we suw geçirijileriň zolaklaryna girmeklik gadagan edilýär. Arassaçylyk-gorag zolagyny döretmek boýunça taslama – hökmany resminama bolmak bilen, senagat kähranasynyň gurluşygy, durkunyň üýtgedilmegi, gaýtadan enjamlaşdyrylmagy boýunça taslama bilen bilelikde berilýär.
Kärahanyň arassaçylyk gorag zolagy – tozan, zenzele, gaz görnüşli, suwuk, gyzgyn duman we ş.m. zyýanly galyndylar we zyňyndylar netijesinde adamynyň ýaşaýan ýerlerine we onuň saglygyna zyýan ýetirmek howpuny salýan oýbektiň işlemegi üçin hökmany şert bolup durýar.
Zolak şeýle kärhananyň arassaçylyk klassifikasiýasyna baglylykda, arassaçylyk-gigiýena talaplaryna laýyklykda ilaty goramak üçin döredilýär. AGZ-nyň takyk çägi şulara bagly bolup durýar:
· kärhananyň iş ugrunyň görnüşine;
· obýektiň arassaçýylyk klasyna;
· daşky gurşawa mümkin ýetirip biljek ýaramaz täsiriniň netijleriniň hasaplamalaryna;
· fiziki we beýleki ýaramaz täsir etmeleriň derejesine.
Kärhanada AGZ-nyň taslamasy bar
Kärhanada AGZ-nyň taslamasy ýok
Kärhana AGZ-nyň taslamasyny işläp taýýarlady
Kärhana AGZ-nyň taslamasyny işläp taýýarlamady
Taslama döwlet gözegçilik edaralarynda ylalaşyldy
Gorag zolagy we onuň çäkleri kesgitlenilmedik
Kärhana ekologiýa töleglerini geçirýär
Kärhana ekologiýa töleglerini geçirmeýär
Kärhananyň öz özüne düşýän gymmatynyň hasabyna hasapadan öçürilýär
Kärhananyň girdejisiniň hasabyna hasapdan öçürilýär
Jerime salynmaýar
Jerime salynmagy
1 we 2 klass howplulygy bolan karhanalar üçin AGZ
1 we 2 klass howplulygy bolan kärhanalar üçin arassaçylyk gorag zolagynyň (AGZ) taslamasyny işläp düzmek hökmany ekologiýa resminamalarynyň sanawynda bolýar. AGZ-ny kesgitlemek möhletsiz amala aşyrylýar we diňe käbir ýagdaýlarda, AGZ-nyň täze taslamasynyň ýerine ýetirilmegi bilen üýtgedilip bilner:
· Önümçilik tilsimatlary üýtgände;
· Zyňyndylaryň ýygylygy ýa-da olaryň çeşmeleriniň ýerleşýän ýerleri üýtgände;
· Zenzeläniň ýygylygy ýa-da olaryň çeşmeleriniň ýerläşýän ýeri üýtgände;
· Elektro magnit meýdanlarynyň ýygylygi ýa-da olaryň çeşmediniň ýerr göüçrilende
· AGZ-nyň ulaldylmagyny ýa-da gysgaldylamgyny talap edýän beýleki ýagdaýlarda.
Çak edilýän AGZ-ny işläp düzmek we tassyklamak
AGZ-ny taslamak birnäçe tapgyrlarda ýerine ýetirilýär:
· Ähli ýagdaýlary hasaba almak bilen, meýilleşdirilýän AGZ-nyň çäklerini esaslandyrmak – çak edilýän (hasaplanan) AGZ diýilýän;
· Daşky gurşawy goramak, meýilnamalaşdyrylýan gurama we AGZ-nyň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça çärelere deslapky baha bermek we işläp taýýarlamak;
· AGZ-nyň taslamasyny gözegçilik edaralarynyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirmek, AGZ-nyň taslamasyna arassaçylyk-epidemiologiýa netijenamasyny tassyklamak bilen resmileşdirmek.
“Keýik Mirasy” kompaiýasy AGZ-ny işläp düzüji hökmünde, AGZ-nyň taslamasyny işläp düzmek üçin zurur bolan ekologiýa we beýleki barlaglary, hasaplamalary geçirmek we zolagyň çägini kegsitlemek üçin degişli lisenziýa eýe bolup durýar. Arassaçylyk-gorag zolagynyň taslamasy obýektiň ýerleşýän ýerine, onuň iş ugruna we zerur bolan işleriň çylşyrymlylygyna baglylykda 3 aýdan 6 aýa çenli möhletde ýerine ýetirilýär.
Biziň kompaniýamyzyň işläp taýýarlamalary barada saýtyň degişli bölüminde tanyşyp bilersiziňis:
· AGZ-nyň işläp düzmek. AGZ-ny işläp düzüji üçin kadalaşdyryjy resminamalar;
· AGZ-nyň taslamasynyň esasy ugurlary we ony guramak;
· AGZ-ny guramak we işläp düzmek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy;
· Arassaçylyk-gorag zolagynyň taslamasynyň bölümleri we mazmuny;
· Çak edilýän AGZ-ny ylalaşmak we tassyklamak;
“Keýik Mirasy” kompaniýasy Türkmenistanda eklogiýa resminamalaryny işläp düzýän iň uly kompaniýalaryň biri bolup durýar.
Önümçiligiň, gurluşygyň we beýleki hojalyk toparlarynyň zäherli galyndylarynyň daşky gurşawa düşmeginden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň arassaçylyk boýunça baş lukmany tarapyndan “Önümçiligiň we peýdalanmagyň zäherli galyndylarynyň klasyny kesgitlemek boýunça Arassaçylyk düzgünleri” tassyklanan.
Bu resminama bilen galyndylaryň howplulyk klasyny bellemek üçin baha beriş ölçegleri, olaryň adam we daşky gurşaw üçin howplulyk derejesini anyklamak, şeýle hem zäherli galyndylary ýygnamagyň we toplamagyň düzgünleri kesgitlenilýär.
Bu Arassaçylyk düzgünleriniň esasynda döwlet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan dürli görnüşli galyndylar bilen iş salyşmagyň tehniki reglamenti girizilýär. Hökümetiň kararlaryna laýyklykda, her bir kärhananyň ýa-da hojalyk birliginiň her bir zäherli galyndylary üçin, kärhananyň resminamalarynyň aýratyn ölümi bolup durýan galyndylaryň aýratyn tehniki reglamenti işlenip düzülýär.
Galyndylara tehniki reglamenti nirede sargyt edip bolýar
“Keýik Mirasy” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülýan Türkmenistanyň ähli çäkleri üçin galyndylar bilen iş salyşmagyň tehniki reglamenti şu algoritm boýunça ýerine ýetirilýär:
1. Maglumatlary toplamak, Ýüz tutujy tarapyndan berlen ilkibaşlangyç maglumatlary we resminamalary öwrenmek we seljermek;
2. Galyndylaryň komponent düzümi belli bolan ýagdaýynda hasaplama usuly bilen olaryň klasy kesgitlenilýär, şonuň esasynda hem hasabat düzülýär we olar bilen iş salyşmagyň tehniki reglamenti işlenip düzülýär.
3. Düzümi näbelli bolan galyndylar halatynda, zyýanly komponentler babatynda galyndylaryň özüniň, şeýle hem topragyň we howanyň barlaghana barlaglary sargyt edilýär (olaryň görnüşine baglylykda). Ýerine ýetirijiniň sargydy esasynda akkriditirlenen barlaghanalarda geçirilýär.
4. Barlaglaryň netijeleriniň esasynda Hünärmenlik netijenamasy düzülýär.
5. Ýerine ýetirilen görkezilen tapgyrlaryň binýadynda biziň hünärmenlerimiz tarapyndan galyndylar bilen iş salyşmagyň tehniki reglamenti işlenip düzülýär. Ähli işlere barlaglaryň möçberine we göwrümine baglylykda 5 günden 14 güne çenli wagt sapr edilýär.
Taýýar tehniki reglament seljerilmegi we ylalaşylmagy üçin ygtyýarly edaralara iberilýär. Ylalaşmagyň möhleti 30 gün kesgitlenen, emma köp halatlarda meseläniň özbaşdak çözülen ýagdaýynda muňa köp wagt sapr edilýär. Iň amatlysy – resminamalaryň biziň tarapymyzdan, ýangy “soňuna çenli” diýlişi ýaly resmileşdirilmegini sargyt etmek bolup durýar.